“Türkmen Senagat” Hojalyk Jemgyýeti 2008-nji ýylda esaslandyrylan.
Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birliginiň agzasy bolup durýar.
“Türkmen Senagat” Hojalyk Jemgyýeti, TSTB-niň agzasy hökmünde, Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň gaýratlarynyň jemlenmegini we onuň ýurduň içinde we dünýäde işjeňlik gurşawynyň kämilleşdirilmegine, türkmen işewürliginiň statusynyň ýokarlandyrylmagna gönükdirilmegini öz maksady diýip hasap edýär.
Kompaniýanyň esasy ugry, iň döwrebap dünýä belli belli nemes enjamy KraussMaffei guralynda ýasalan ýokary hilli PBP Turbalarynyň üpjünçiligi bolup durýar.
Şeýle-de “Türkmen Senagat” HJ, häzirki wagtda Türkmenistanda sulfat kaliý, sulfat natriý we duz kislotasy önümçiligini ýola goýmak boýunça uly, döwrebap fabrikanyň gurluşygyny alyp barýar.
Öz işleriniň ýöredilmeginde “Türkmen Senagat” Hojalyk Jemgyýeti hemişe kämilleşmäge ymtylmak ýörelgesine esaslanýar: önümçilik modernizirlenýär we giňeýär, täze tehnologiýalar girizilýär, hödürlenýän önümleriň görnüşleri köpelýär.
Kompaniýanyň işgärleri size satylýan harytlaryň her biri hakynda gutarnykly maglumatlar bererler, ulanmaga we gurnamaga degişli islendik sorag boýunça kömek ederler. Biz her bir müşderi bilen şahsy aýratynlykda çemeleşýäris. Hemişelik alyjylara uzyn möhletli we miweli işdeşlik üçin amatly şertler hödürleýäris. Biz müşderilerimize amatly we bähbitli hyzmat etmek üçin uly yhlas bilen işleýäris.
“Türkmen Senagat” Hojalyk Jemgyýetiniň esasy maksatlary – bazarda bar bolan şertlere uýgunlaşmak, önümçiligi giňetmek we tehnologiýalaryň täzelenmeginiň esasynda hemişe öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmak.